Habar jikme-jigi

Täzelikler, bildirişler, myhmanlar barada habardar boluň.

GÜNLÜK
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Resmi habarlar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejeli saparlara taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar sebit we halkara gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Diplomatlar häzirki wagtda amala aşyrylýan hem-de geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň öňdebaryjy tehnologiýalar, ulag, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak hem-de hünär-tehniki bilim ulgamlaryndaky ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.