Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça wezipeleri kesgitledi
Ykdysadyýet habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk–senagat toplumynyň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýazky meýdan işlerini talabalaýyk guramak, daýhanlar bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek hem-de welaýatlarda jemgyýetçilik-kommunal infrastrukturasynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklar berildi. Bu barada TDH habar berýär.
Maslahata wise-premýer T. Atahallyýew hem-de welaýat häkimleri gatnaşdylar.
Döwlet Baştutany çykyşynda möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Ol pagta ekiljek meýdanlaryň agrotehniki kadalara laýyklykda taýýarlanylmagyny, ýerleriň tekizlenmegini üpjün etmegi, daýhanlary ekiş materiallary bilen doly üpjün etmegi we ýokary hilli tohumlaryň saýlanylmagyny tabşyrdy.
Şeýle-de Prezident ekiş möwsümine çenli oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň taýýarlygyny üpjün etmek, güýzlük däneli ekinlere ideg etmek boýunça agrotehniki talaplaryň berjaý edilmegini dowam etdirmek, Mary welaýatynda şeker şugundyryny ýygnamak işlerini talabalaýyk alyp barmak boýunça görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, kartoşka hem-de gawun-garpyz ekinleriniň ýazky ekilişiniň guralyşyna berk gözegçilik edilmelidir.
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda pagtaçylar, däne öndürijiler we hyzmat ediji edaralaryň arasynda pagta, däne we Lebap welaýatynda şaly, Mary welaýatynda bolsa şeker şugundyry hasylyny ýygnamak boýunça ýerine ýetirilen işler üçin maliýe hasaplaşyklarynyň doly we wagtynda geçirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle hem, ýerleriň abadanlaşdyrylmagy, suwaryş we zeýkeş ulgamlarynyň abatlygy, oba hojalyk ýerleriniň ýaz möwsümine taýýarlanylyşy degişli derejede alnyp barylmalydyr.
Prezident ýaşaýyş jaýlarynda, bilim we mekdebe çenli edaralarda ýyladyş ulgamlarynyň durnukly işlemegine, welaýat ilatynyň elektrik energiýasy, gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligine aýratyn üns bermegi, şeýle-de sebitlerde önümçilik hem-de durmuş-medeni maksatly gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.