Habar jikme-jigi

Täzelikler, bildirişler, myhmanlar barada habardar boluň.

GÜNLÜK
SpaceX uzak kosmosy özleşdirmäge we daşaryplanetaly ýaşaýyş görnüşlerini ýüze çykarmaga gönükdirilýär

SpaceX uzak kosmosy özleşdirmäge we daşaryplanetaly ýaşaýyş görnüşlerini ýüze çykarmaga gönükdirilýär

Dünýäniň habarlary
SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask kosmos pudagynyň ösüşi boýunça Gün ulgamynyň çäklerinden daşarda geçiriljek ekspedisiýalary we beýleki dünýälerden akylly jandarlara duş gelmek mümkinçiligini öz içine alýan ägirt uly maksatlary beýan etdi. Telekeçi fantastik hekaýalary hakykata öwürmäge çalyşýandygyny belledi diýip, MIR24 habar berýär. Maskyň aýtmagyna görä, ýakyn geljekde kompaniýa Aýa, Marsa hem-de planetar ulgamymyzyň beýleki asman jisimlerine ekspedisiýalar üçin uly göwrümli, pilotly kosmos apparatlaryny öndürmäge ünsi jemlär. SpaceX-iň ýolbaşçysy esasy wezipäniň uzakdaky ýyldyzlara ýetmäge mümkinçilik berjek serişdeleri işläp taýýarlamakdygyny nygtady. Onuň pikirine görä, şol ýerde daşaryplanetaly ýaşaýyş görnüşleri ýa-da beýleki dünýäleriň ösen jemgyýetleri bolup biler.