Habar jikme-jigi

Täzelikler, bildirişler, myhmanlar barada habardar boluň.

GÜNLÜK
Miras we medeniýetiň baýramy: Buharestde Türkmenistana bagyşlanan sergi açyldy.

Miras we medeniýetiň baýramy: Buharestde Türkmenistana bagyşlanan sergi açyldy.

Resmi habarlar
Düýn Buharestdäki Rumyniýanyň milli daýhan muzeýinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan guralan sergi açyldy, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. «Türkmenistan: Garaşsyzlygyň 35 ýyly – miras we medeniýetiň baýramy» atly sergi milli amaly-haşam sungatynyň nusgalaryny, haly önümlerini, milli egin-eşikleri we şaý-sepleri, surata düşürilen materiallary, şeýle hem ýurduň gazananlaryna bagyşlanan neşirleri görkezdi. Açylyş dabarasyna diplomatik korpusyň, döwlet edaralarynyň, akademik we medeni toparlaryň, işewür jemgyýetiň wekilleri, türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli medeni mirasy gorap saklamaga, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we medeniýetlerarasy dialogy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň ähmiýetini nygtadylar.