Habar jikme-jigi

Täzelikler, bildirişler, myhmanlar barada habardar boluň.

GÜNLÜK
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň bukjasyna gol çekdiler

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň bukjasyna gol çekdiler

Resmi habarlar
Plenar mejlisiň açylyşynda bellenip geçilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda Türkmen–Hytaý hökümetara komiteti syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde energetika pudagy kesgitlenildi. Şeýle hem gün tertibiniň esasy meseleleriniň hatarynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek görkezildi. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berşi ýaly, Aşgabatda Türkmen–Hytaý hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçirildi. Plenar mejlisden öň onuň ýolbaşçylarynyň duşuşygy bolup, onda taraplar özara ynanyşykly we işjeň ýagdaýda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar. Gatnaşyjylar bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem medeni günleri, sergileri we döredijilik festiwallaryny yzygiderli geçirmek zerurlygyny nygtadylar. Şeýle-de saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň dostlukly gatnaşyklary berkitmekdäki ähmiýeti bellenildi. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi, şol sanda: — bilelikdäki türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek baradaky ylalaşyk; — iki ýurduň degişli ýokary okuw jaýlarynyň arasynda özara düşünişmek baradaky memorandum; — 2026–2028-nji ýyllar üçin ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlyk maksatnamasy; — emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça memorandum; — ulag-logistika hyzmatdaşlygy we medeni merkezleri açmak baradaky ylalaşyklar; — adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek baradaky ylalaşyk; — 2026–2030-njy ýyllar üçin bäş ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasy; — gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgelerini kesgitleýän umumy ylalaşyk. Mundan başga-da, Türkmen–Hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisiniň teswirnamasyna gol çekildi.