Türkmenistan bilen Hindistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirildi
Resmi habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda, dokma senagaty we hususy pudagy ösdürmek boýunça orunbasary Nokerguly Atagulyýew Hindistanyň Aşgabatdaky Ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy.
Taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bu barada Hindistanyň Ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.