Medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir
Resmi habarlar
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda medeni mirasy gorap saklamaga, däp bolan senetçiligi we halk sungatyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu maksat bilen zerur hukuk we institusional binýat kemala getirilýär diýip, TDH habar berýär.
Bu ýagdaý kitaphanalaryň, muzeýleriň we arhiwleriň işini düzgünleşdirýän, medeni gymmatlyklary döretmek we dikeltmek, olary goramak we ösdürmek, serhetleriň üsti bilen geçirilmegini kadalaşdyrmak, maglumat serişdelerini goramak, şeýle hem taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak bilen bagly kabul edilen kanunçylyk namalarynyň toplumynda öz beýanyny tapýar.
Ýurt halkara ynsanperwer guramalar, şol sanda ÝUNESKO, ÝUNISEF, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirligi, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy hem-de beýleki guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Milli mirasy gorap saklamak we öwrenmek, Türkmenistanyň dünýä medeniýetine goşandyny wagyz etmek, şeýle hem 1993-nji ýyldan bäri agza bolup durýan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. 2020-nji ýylda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli Komissiýanyň döredilmegi BMG bilen gatnaşyklary ösdürmekde möhüm tapgyr boldy.
Döwlet strategiýasynyň esasy maksady türkmen halkynyň taryhyny ylmy taýdan öwrenmek, onuň maddy we ruhy medeniýetini gorap saklamak hem-de halkara derejesinde wagyz etmekdir. Bu işde ýurduň muzeý edaralary möhüm orny eýeleýär.
«Milli taryhy-medeni miras obýektlerini gorap saklamak, olary goramak we öwrenmek, şeýle hem syýahatçylygy ösdürmek boýunça 2022–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde geçen ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy ýadygärliklerde ylmy ekspedisiýalar we dikeldiş işleri geçirildi. Arheologik gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan tapyndylar — at heýkeljigi, keramiki önümler, metal üzengi, ok ujlary, hojalyk enjamlary, palçykdan ýasalan gap-gaçlar, kümüş teňňe hem-de beýleki tapyndylar — orta asyr türkmen şäherlerinde ylym we medeniýet bilen birlikde senetçilik önümçiligiň we söwda gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilendigini tassyklaýar.