Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän toplumy 1,3 million tonnadan gowrak benzin öndürdi
Ykdysadyýet habarlar
Geçen ýylyň on bir aýynyň dowamynda Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän toplumy 4,5 million tonnadan gowrak nebit gaýtadan işläp, meýilnamany 6,7 göterim artykmaç ýerine ýetirdi. Bu barada «Türkmennebit» döwlet konserniniň resmi internet sahypasynda habar berildi.
Hasabat döwründe sarp edijilere dürli görnüşli ýokary hilli benziniň takmynan 1 million 345 müň tonnasy iberildi. Mundan başga-da, kärhana awiakerosin, dizel ýangyjy, mazut, polipropilen, ýaglaýjy serişdeler, nebit koksusy, bitum we suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça hem uly üstünlikleri gazandy.
Toplumyň nebiti gaýtadan işleýän desgalary yzygiderli tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylýar hem-de häzirki zaman önümçilik kuwwatlyklary bilen üpjün edilýär. Habarda bellenilişi ýaly, uglewodorod çig mallaryndan öndürilýän ähli önümler halkara derejedäki ýokary hil standartlaryna doly laýyk gelýär.