Habar jikme-jigi

Täzelikler, bildirişler, myhmanlar barada habardar boluň.

GÜNLÜK
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Pakistanyň ilçisi ýokary derejeli döwlet duşuşyklaryny guramak boýunça gepleşikler geçirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Pakistanyň ilçisi ýokary derejeli döwlet duşuşyklaryny guramak boýunça gepleşikler geçirdi

Resmi habarlar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatta Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Faryal Leghari bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň 2026-njy ýylda meýilleşdirilýän özara saparlaryny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar täze ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar 2026-njy ýylda gol çekilmegi meýilleşdirilýän ylalaşyklaryň sanawyny gözden geçirdiler. Esasy üns birnäçe möhüm çäreleri guramaga gönükdirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň we Pakistanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň altynjy mejlisini geçirmek, iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda syýasy dialogy ösdürmek, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumyny guramak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.