Habar jikme-jigi

Täzelikler, bildirişler, myhmanlar barada habardar boluň.

GÜNLÜK
Emeli akyl her gün 40 milliondan gowrak adama lukmançylyk maslahatlaryny berýär

Emeli akyl her gün 40 milliondan gowrak adama lukmançylyk maslahatlaryny berýär

Içki habarlar
OpenAI kompaniýasynyň, ýagny ChatGPT-iň döredijisiniň geçiren barlagyna görä, dünýä boýunça her gün 40 milliondan gowrak ulanyjy saglyk bilen baglanyşykly soraglar bilen çat-bota ýüzlenýär. Axios neşiri bu barlag resminamasyna salgylanyp habar bermegine görä, her gün 40 milliondan gowrak işjeň ulanyjy ChatGPT-e saglyk boýunça soraglar iberýär. OpenAI-niň bellemegine görä, saglyk bilen baglanyşykly soraglar emeli aňa iberilýän ähli soraglaryň 5 göteriminden gowragyny düzýär. Barlag ABŞ-a gönükdirilip geçirildi. Şol ýerde ulanyjylar hepdelikde ChatGPT-e 1,6–1,9 million aralygynda lukmançylyk bilen baglanyşykly habar iberýärler. Amerikalylar emeli aňy saglyk ätiýaçlandyryşyny saýlamakda hem-de lukmançylyk tölegleri boýunça maslahat almakda işjeň ulanýarlar. Şeýle soraglaryň köpüsi hassahanalaryň we klinikalaryň iş wagtyndan daşarda iberilýär. Knit platformasynyň üsti bilen geçirilen barlagyň netijelerine görä, soňky çärýekde amerikan respondentleriniň 55 göterimi alamatlary barlamak üçin, 48 göterimi lukmançylyk terminlerini we lukmanlaryň bellän reseptlerini düşündirmek üçin, 44 göterimi bolsa bejergi mümkinçiliklerini öwrenmek üçin emeli aňdan peýdalanandygyny mälim etdi. Barlagda ABŞ-nyň saglyk ulgamynyň örän çylşyrymlydygy, raýatlaryň bolsa dogry karar kabul etmek üçin goşmaça maglumata mätäçdigi aýratyn nygtalýar. Barlaga ABŞ-da ýaşaýan 1 042 sany uly ýaşly adam gatnaşdy. ChatGPT OpenAI tarapyndan döredildi we 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda işe girizilenden soň tiz wagtda giň meşhurlyga eýe boldy — ol bir hepdeden hem az wagtda bir million ulanyja ýetdi. Milliarder Ilon Mask 2015-nji ýylda OpenAI-niň esaslandyryjylarynyň biri bolupdy, emma soňra taslamadan çykdy.