Türkmenistan we Gruziýa özara söwdanyň möçberlerini artdyrmagyň mümkinçiliklerini seljerdiler.
Resmi habarlar
Düýn Türkmenistanyň Tbilisidäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň orunbasary T.Ioseliani bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyga şeýle hem «Gruziýa demir ýoly» açyk paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory L.Abaşidze gatnaşdy, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Taraplar özara söwdanyň möçberlerini artdyrmagyň, maýa goýumlaryny çekmegiň we özara gyzyklanma döredýän ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini seljerdiler. Türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň oňyn depginini we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplar bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge, degişli döwlet düzümleriniň we işewür wekilleriň arasynda göni gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berdiler.
Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň netijesinde taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we geljegi uly bilelikdäki taslamalary öňe ilerletmäge gönükdirilen gurluşykly dialogy dowam etdirmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.