Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi öňki Başminister Fumio Kisida bilen duşuşdy
Resmi habarlar
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň öňki Başministri, Liberal-Demokratik partiýanyň Ösüş strategiýasynyň ştabynyň ýolbaşçysy Fumio Kisida bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy, parlamentara we partiýalararasy gatnaşyklaryň, şeýle hem ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda öňki Başminister Sindzo Abeniň aradan çykmagy bilen baglanyşykly ýas çärelerine gatnaşmak üçin Ýaponiýa saparynyň dowamynda Fumio Kisida bilen geçiren taryhy duşuşygy aýratyn bellenildi. Kisidanyň 2022–2024-nji ýyllarda Başminister wezipesinde işlän döwründe Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçiren telefon gepleşikleri mähir bilen ýatlanyldy, şeýle hem türkmen tarapynyň Ýaponiýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi nygtaldy.
Mundan başga-da, duşuşykda türkmen-ýapon syýasy, parlamentara we partiýa hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk ösdürilmeginiň anyk ugurlary, nebitgaz we himiýa senagatyndaky iri taslamalara gatnaşýan ýapon kompaniýalaryna goldaw bermek, şeýle hem iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy